Garaşsyzlyk — alnymyzyň ak bagty

24 Sentýabr 2024
394

Taryhda şöhratly yz goýan Garaşsyzlyk döwri 33 ýyly arka atdy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň batly depginler bilen ösdürilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwlet syýasatynyň üstünlikleri we ony ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar Garaşsyz Watanymyzy berkararlyk kuwwatyna eýe edip, ata-babalarymyzyň dünýä taryhynda yz goýan şan-şöhratyna täzeden güýç berdi, janlandyrdy we agzybir halkymyza milli ruhuň küýsegi bolan eşretli durmuşy peşgeş etdi. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz bolsa, parahatçylykly ösüşleri, halkara abadançylygyny we özara ynanyşmakdyr ylalaşygy kepillendirip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk ýollaryny gurdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy toýlanýan üstümizdäki ýylda ýurdumyz ähli ugurlarda, şol sanda, ruhy-medeni ulgamda hem ýokary ösüşleri gazandy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we bu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine hödürlemegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzdaky ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlyk merdana nesillerimiziň milli ruhunyň synmazlygyna, jebisliginiň berkemegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artmagyna ynamly bat berdi hem-de şol baýlyklary oýlanyşykly peýdalanyp, dünýä çykmagyň täze ugur-ýollaryny açdy.

Magtym NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar