Garaşsyzlyk taglymaty

23 Sentýabr 2024
490

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli, dostlukly, syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklar yzygiderli giňeldilýär. Halklaryň arasyndaky dostlukly, ylalaşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak Ýer ýüzünde abadançylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmakdyr. Päk zähmet bilen Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmek bagtyýarlygyň eýeleri bolan nesilleriň borjudyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň güllemegi, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Garaşsyz döwletimizde durmuşymyzy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleri çözmekde raýatlaryň pikir-garaýyşlarynyň esasynda oňyn çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýan edýär.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, žurnalist.
Beýleki habarlar