Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak baş ugurlaryň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamy ähli ugurlar boýunça möhüm sepgitlere ýetdi. Bu ulgamy ösdürmek üçin giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we lukmanlaryň ähli amatlylyklary özünde jemleýän döwrebap binalarda, hassahanalarda zähmet çekmekleri, olaryň gowy durmuşda ýaşamaklary ugrunda içgin aladalanmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk öýleriniň, hassahanalardyr merkezleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda edilýän aladalardan gözbaş alýar. Olaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa, keselleri irki döwürde takyk anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglyk ýagdaýyny barlamak we keselleri anyklamak hem-de degişli bejergi çärelerini kesgitlemek üçin iň täze görnüşli barlag enjamlary bilen üpjün edilen merkezler hereket edýär.