Ruhy dünýäniň gözelligi

23 Sentýabr 2024
631

Köp asyrlyk taryhy bolan türkmen halky özboluşly milli mirasy bilen tapawutlanýar. «Könesi bolmadygyň — täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, halkymyz gadymy mirasyny bahasyna ýetip bolmajak mukaddeslik hasaplaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Garagumuň seleň sähralygynda ömür süren ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy has hem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň zyba barmaklaryndan döreýän inçe, nepis el işleriniň jadylaýjy güýji bar. Olarda gelin-gyzlarymyzyň päkize ýüregi, nurana maksady görünýär. Olaryň sünnäläp dokaýan ýüpek haly we haly önümleri, keçeleri, kilimleri halkymyzyň genji-hazynasydyr.

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar