Şu günler şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň hormatyna berkarar Watanymyzda dürli çäreler, baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Medeni ojaklarda — teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde, medeniýet köşkleridir öýlerinde geçirilýän aýdym-sazly dabaralar watandaşlarymyzyň baýramçylyk keýpiçaglygyny has-da belende göterýär. Medeniýet we sungat ussatlary, halk döredijilik toparlary toý dabaralaryny özleriniň joşgunly çykyşlary bilen bezeýärler.
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde hem şanly toýumyz mynasyp sowgatly garşylanýar. Mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlarynyň taýýarlan aýdym-sazlary, halk döredijilik çykyşlary şu günler baýramçylyk sahnalaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Talyplarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda, milli ruha beslenen tans we halk döredijilik çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli sungatymyzyň ýeten belent derejesi özboluşly beýanyny tapýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşleriniň, Watanymyzyň gözellikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň joşgunly waspy bolup ýaňlanýan aýdym-sazly çykyşlar toý dabaralarymyzda ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrýar.