Aşgabat, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy. Aýdymda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyza buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.