Biziň döwrümiz

23 Sentýabr 2024
380

Ýyllara many-mazmun çaýýan, olaryň taryhdaky ornuny pugtalandyrýan we ähmiýetini artdyrýan zat ymgyr köp çekilýän zähmetdir. Ýöne bu zähmet her günde ýa-da her sagatda däl, eýsem, her minutda il-ýurt hakynda edilýän dynuwsyz aladalar bilen gurşalmalydyr. Diňe şonda döwrüň keşbi düýpli özgermäge ukyplydyr. Bu beýik wezipäni taryhyň öňe çykaran, halkyň goldan şahsyýetlerine amala aşyrmak başardýar. Häzir Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler, iri taslamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallalary bilen baglydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň häzirki zaman taryhynda täze ösüş tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyryp, biz ony «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýip atlandyrýarys.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrümiziň görnükli ýaş syýasatçysy hem-de döwlet işgäri hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyza uly hormat goýýarlar. Şunda hormatly Prezidentimiziň tanymal syýasy işgär, talapkär ýolbaşçy we ökde guramaçy hökmünde halkyň arasyndaky abraýynyň möhüm orun eýeleýändigi düşnüklidir. Gahryman Prezidentimiz ynamly çözgütleri, aýgytly hereketleri, oýlanyşykly kararlary, şahsy göreldesi bilen adamlary, şol sanda ýaşlary töwereginde jebisleşdirip, beýik işlere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň ynamy bilen üstüne ýüklenen ägirt uly borjuň hem-de jogapkärçiligiň näderejede uludygyna düşünmek bilen, esasy maksadyny ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidi üçin ähli zerur şertleri döretmekde görýär.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar