«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024
Mahabatyň häzirki döwürde bitirýän işiniň diýseň ýokarydygy hemmämize-de mälim. Biziň göwnümize mahabaty ýetmese gül ýaly harytlaram öz hyrydaryna gowuşmajak ýaly bolup duýulýar. Ahmal, bu şeýledir, ahmal, däldirem. Ýöne haýsy bolanda-da, adamzadyň aň mümkinçilikleriniň örän ösen zamanasynda mahabatyň durmuşymyzda uly orun eýeländigi welin, hakykat.