Öýjükli telefony göwnejaý ulanmak babatda maslahatlar

22 Sentýabr 2024
516

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024

Hä­zir­ki za­man­da döw­re­bap yn­sa­nyň dur­mu­şy­ny öý­jük­li te­le­fon­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Bu en­jam bi­ze iş üçi­nem, ýa­kyn-ýat­lar bi­len gat­na­şyk üçi­nem, in­ter­net to­ry ar­ka­ly peý­da­ly we gy­zyk­ly zat­la­ry bil­mek üçi­nem ge­rek. Em­ma öý­jük­li te­le­fo­na çak­da­na­şa de­re­je­de bag­lan­mak ada­myň ün­sü­ni oý­la­ny­şyk­ly we ön­dü­ri­ji­lik­li iş­den, ýa­kyn-ýat­la­ry bi­len ha­ky­ky gat­na­şyk­dan, ýaş­la­ryň dyk­ga­ty­ny okuw­dan we öz­le­ri­ni ru­hy hem-de be­den taý­dan ös­dür­mek­den so­wup bil­ýär. Bu en­ja­myň ýaý­rad­ýan ra­dio­ýy­gy­lyk şöh­le­len­me­le­ri­­niň beý­nä köp tä­sir et­me­gi­niň düw­nü­gi dö­red­ýän­di­gi­ni yl­my bar­lag­lar gör­kez­di. Hä­zir­ki dö­wür­de köp alym­lar ýat­keş­li­giň bo­zul­ma­sy, ün­si jem­läp bil­mez­lik, ýa­daw­lyk, baş aý­lan­ma­sy we uky­nyň bo­zul­ma­sy ýa­ly der­de­ser­le­ri te­le­fo­ny köp ulan­mak bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Ýaş­la­ryň ara­syn­da bar­ha art­ýan şo­wa­kör­lü­ge hem ep-es­li de­re­je­de el te­le­fo­ny se­bäp­kär ha­sap edil­ýär. Gu­lak­lyk­lar­da ga­ty ses­li aý­dym-saz diň­le­mek ne­ti­je­sin­de eşi­di­şiň pe­sel­me­gi, te­le­fon en­ja­my­na eg­lip otur­mak­dan ýa­gyr­nyň, egin­le­riň we boý­nuň agyr­ma­gy hem-de kem-kem­den ar­kaň küý­ker­me­gi, he­re­ket­siz kän otur­mak­dan ag­ra­myň art­ma­gy hem te­le­fo­na bag­lan­ma­gyň zy­ýan­ly ne­ti­je­le­ri bo­lup dur­ýar­lar. Ýö­ne siz akyl­ly te­le­fo­nyň, ha­ky­kat­da­nam, peý­da­ly bir­gi­den ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan özü­ňi­zi mah­rum et­män, on­dan paý­ha­sa­la­ýyk peý­da­lan­mak is­le­se­ňiz, adam­la­ryň te­le­fo­na aşa bag­lan­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­lim-tej­ri­be­si ýe­ter­lik hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan mas­la­hat ber­len şu aşak­da­ky kä­bir düz­gün­le­ri ber­jaý et­mä­ge çal­şyň.

Gurt ÜŞ­ME­KOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar