Beýik ösüşlerden galkynýan Watan

20 Sentýabr 2024
509

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň, döwrebap özgertmeleriň, taryhy wakalaryň, dünýä ýaň salýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň dowam edýän zamanasynda halkymyz bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary astynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda belent maksatlara gönükdirilen has uly wezipeler öňde goýulýar.

Beýleki habarlar