Işewürleriň baýramçylyk sowgatlary

20 Sentýabr 2024
552

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasat ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzy röwşen geljege alyp barýar. Ýurdumyzda her ýyl medeni-durmuş we önümçilik maksatly köp sanly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyzyň sebitlerinde täze şäherçeler, döwrebap obalar peýda bolýar.

Ýurdumyzda bina edilýän ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, sport toplumlarydyr mekdepleriniň... gurluşygyna türkmen işewürleri işjeň gatnaşýarlar. Olaryň güýji bilen soňky birki ýylyň içinde medeni-işewürlik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, işewürlere giň gerimli, iri taslamalaryň gurluşyklary-da ynanylýar.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar