Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan küşt ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa sport mekdebine gatnaýan çagalar gatnaşdy.
Ýaş nesliň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, akyl-paýhas oýny boýunça ökdeleri ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle-de baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününi dabaralandyrmak maksadyndan ugur alan ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşda güýçli küştçüler öňe saýlandy hem-de höweslendirildi.