Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy

19 Sentýabr 2024
347

18-nji sentýabarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar döwrümiziň badyna tizlik berýän başlangyçlary bilen, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly edara binasynyň hem-de kömekçi binalaryň açylyş dabarasy geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmasy boýunça bina edilen döwrebap binalaryň gurluşyk işleri halkara ülňülere laýyklykda amala aşyrylyp, iş otaglarynyň giňligi we ýagtylygy iň amatly şertlere kybap gelýär we häzirkizaman enjamlary bilen doly üpjün edildi.

Beýleki habarlar