Gadymy heýkeljiklerdäki şekiller

19 Sentýabr 2024
545

Günorta Türkmenistanyň gadymy Änew ekerançylyk-maldarçylyk medeniýetiniň eneolit döwrüne degişli birnäçe ýadygärliklerinden örän täsin heýkeljikleriň giden bir topary tapyldy. Bu tapyndylar şekilleri we nyşanlary öwrenmäge uly gyzyklanma döredýär.

Gadymy heýkeltaraşlar toýundan heýkeljikleri ýasanlarynda, olaryň saçlaryna timar berlişi, başgaplary we daşky sypaty bilen bagly zatlara aýratyn üns bermek bilen, heýkeljikleriň göwresine, eginlerine hem-de boýunlaryna dürli görnüşli syrly belgileri we nyşanlary çekipdirler. Bu iş heýkeljikler entek çigkä, olaryň üstüne ýiti gural bilen çyzyklar çekip ýa-da ýelmemek usuly bilen ýerine ýetirilipdir.

Olga ADYKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar