Mähriban halkymyz bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyza guwanyp, bagtyýarlygymyza buýsanyp, beýik geljegimize, has belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli bitirilen beýik işler kalbymyzdaky ynamy artdyryp, durmuşymyza giň many-mazmun çaýýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda beýik ösüşler gazanyldy, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk babatynda netijeli işler amala aşyryldy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürildi. Bu günki günde paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasy mähriban halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýan, uly höwes bilen gezelenç edýän ýerine öwrüldi.
Berkarar Diýarymyzyň paýtagty gözel Aşgabat, beýik ösüşlerimiziň serweri Arkadag şäheri bu gün täze gurlan we gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täsin ymaratlary, ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, medeniýet öýleri, sport desgalary, saglygy goraýyş edaralary bilen görenleri haýrana goýýar. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty netijesinde, sözüň doly manysynda bedew bady bilen beýik ösüşleriň röwşen ýoluny külterleýär. Syýasatda, medeniýetde, ykdysadyýetde gazanylýan üstünlikler ähli halkymyzy guwandyrýar. Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär, jemgyýetiň mizemezligi üpjün edilýär. Mähriban halkymyz bularyň ählisine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasatynyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmak bilen eýe boldy. Türkmen döwleti bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýar.