Ynamly aragatnaşyk

18 Sentýabr 2024
412

Golaýda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň söweşjeň taýýarlygynyň meýilnamasy esasynda maýor Öwezmyrat Haýdarowyň guramagynda harby bölümiň aragatnaşyk bölünmeleriniň serkerdeler düzüminiň bölümleri dolandyrmak, taktiki ýagdaýlar bilen kesgitlenen wagtlarda dürli enjamlar arkaly habarlary ýetirmek we gepleşikleri üpjün etmek babatdaky ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Ynamly aragatnaşyk» atly bäsleşik geçirildi. Onda uly leýtenantlar Döwler Muhammetdurdyýew, Aýgül Begmämmedowa, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Muzepper Babaýew dagy tapawutlanmagy başardylar. Şeýle hem bu harby bölümde kapitan Babahan Ismailowyň guramagynda «Kämil aragatnaşykçy» atly bäsleşik hem geçirildi. Bäsleşikde kapitan Arslan Muhammetdurdyýewiň serkerdelik edýän rotasynyň şahsy düzüminden kiçi seržantlar Agajan Orazow, Arif Rozmämmedow, Abdulaziz Gurbanmämmedow dagy 1-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Muhammet JUMANAZAROW,
kapitan.

Begenç TAŞÝEW,
maýor.
Beýleki habarlar