Terbiýeçilik ähmiýetli bäsleşik

18 Sentýabr 2024
296

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrlary geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar ylmyň-bilimiň açary bolan kitaba çäksiz hormat goýýandyklaryny subut edip, bu ugurda öz bilimlerini emin agzalaryna görkezmegi başardylar. Bäsleşikde tapawutlanan harby gullukçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Allamyrat ÝALKANOW,
podpolkownik.

Agajan NIÝAZOW,
kapitan-leýtenant.
Beýleki habarlar