Halkara gimnastika federasiýasynyň Prezidenti Morinari Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sapar bilen Türkmenistanda boldy. Wekiliýetiň agzalary degişli ugurlar boýunça türkmen tarapynyň wekilleri bilen duşuşdylar hem-de paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine we birnäçe medeni ojaklaryna baryp gördüler.
Halkara gimnastika federasiýasynyň Prezidenti M.Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň, şeýle-de Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde türkmen sportunyň hil taýdan täze derejelere ýetirilýändigi bellenildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, olimpiýa hereketini ösdürmek, ilatyň saglygyny we halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, dünýä derejesinde sportuň döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçilik ulgamyny döretmek babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada myhmanlara gürrüň berildi.