Owazly dünýäniň şeýdalary

11 Sentýabr 2024
421

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň döredijiliginiň yzygiderli goldanylmagy babatda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleriniň mysalynda aýdyň görünýär. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi merdana halkymyzyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandyny şöhratlandyrmakdan, ussat halypa bagşylarymyzyň gymmatly mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr.
Bu bäsleşiklerde ýaş ýerine ýetirijileriň gazanýan üstünliklerine şaýat bolup, milli aýdym-saz sungatymyzyň täze taryhy döwürde barha galkynýandygyna göz ýetirýärsiň. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda jemlenilýän bu bäsleşikleriň netijesi keremli Daşoguz topragynyň hem ýaş zehinlere baýdygyny ýene bir ýola aýdyňlyk bilen görkezdi.

Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar