Begenjimiziň çägi ýok

11 Sentýabr 2024
384

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şu ýyl ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ispan dili hünäriniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Durmuşymda şeýle ajaýyp pursatyň bolandygy meni diýseň begendirýär. Ýurdumyzda ýaşlara bilim ulgamynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak babatda döredilýän mümkinçilikler biziň ählimizi guwandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby hökmünde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlara döredip berýän köpugurly mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Diýarymyzy ýeneki ösüşlere alyp barmakda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Goçguly GOÇGULYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar