Nobel baýragynyň taryhynda

10 Sentýabr 2024
604

«Men halkymyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin» diýýän hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi döwletiň sazlaşykly öňe gitmegini kesgitleýän güýç hökmünde häsiýetlendirýär. Ylma bütin dünýä boýunça-da uly ähmiýet berilýär. Ylmy açyşlar üçin hormatly atlar, medallar, baýraklar döredilip, alymlar sylaglanylýar. Giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen baýraklaryň biri hem 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr.

Bu baýragy esaslandyran Alfred Nobel 1833-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde dünýä inýär. Onuň dogany Lýudwig kakasyndan miras galan kärhanany ösdürip, ony iri maşyn-gurluşyk zawodyna öwürýär. Ol bu zawodda bug maşynlaryny, nebit çykaryjy enjamlary, hereketlendirijileriň dürli görnüşlerini öndürýär. Doganlar Nobeller 1876-njy ýylda Bakuwda nebit kärhanasyny döredýärler. Olar bu kärhanada nebiti gaýtadan işlemegi hem-de turba geçirijiler arkaly daşamagy ýola goýýarlar.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Hukuk fakultetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar