Balasy, biz balasy, biz Watanyň balasy Gahryman Arkadagyň saýrak merjen dänesi

9 Sentýabr 2024
514

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli çagalar gatnaşdylar. Ýaşajyk artistler mähriban Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigatyny ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Gazetimiziň bu sanynda bäsleşigiň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Arslan IGLIÝEW,
Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy:

«Nesil».
Beýleki habarlar