Suwuň saglyga peýdasy

6 Sentýabr 2024
370

Suw – ýaşaýşyň çeşmesi. Biziň her birimiz suwsan wagtymyz teşneligimizi gandyrmak üçin suw içýäris, şonsuz durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däldir. Umuman, bu düşünje diňe bir suwsan wagtymyzda däl-de, hemişe biziň aňymyzda. Ata-babalarymyz hem suwuň gadyryna, gymmatyna düşünip, onuň her damjasyny altynyň dänesine deňäpdirler.

Suw gündelik durmuşymyzdaky iň zerur zatlaryň biridir. Ýöne onuň saglygymyzy gorap saklamakda hem örän ähmiýetlidigini hiç haçan unutmaly däldiris. Suw içmegiň hem öz kadalary bardyr. Geliň, şolar barada gürrüň edeliň.

Bahargül ÖRÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar