Moto GP boýunça ýylyň 12-nji bäsleşigi Aragon «Gran Prisinde» ispaniýaly Mark Markes ýeňiş gazandy. «Ducati Gresini Racing» toparynyň sürüjisi Ispaniýanyň Alkanýis şäherinde geçirilen ýaryşda 23 aýlawy 41 minut 47,082 sekuntda tamamlady. Bu Markesiň 3 ýyldan soň Moto GP-de gazanan ilkinji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Dünýäniň 5 gezek çempiony Mark Markes soňky gezek 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Italiýada ýeňiji bolupdy. Ýaryşda 2-3-nji orunlary-da ispan sürüjileri eýelediler. Ýeňijiden 4,789 sekunt yza galan «Pramac Racing» toparynyň piloty Horge Martin 2-nji, «Tech 3» toparyndan Pedro Akosta 3-nji orna mynasyp boldy. Soňky 2 ýylyň çempiony we şu möwsümde-de 3-nji ýeňşine ymtylýan italiýaly Françesko Banaia («Ducati Lenovo«) ýaryşy tamamlap bilmedi.
Bu ýaryşdan soň utugyny 299-a ýetiren Horge Martin sanawda 1-nji orna beýgeldi. Françesko Banaia 276 utuk bilen 2-nji ýere düşdi. Ýaryşyň ýeňijisi Mark Markes bolsa utugyny 229-a ýetirdi we 3-nji orna çykdy.