Suw — dirilik çeşmesi

6 Sentýabr 2024
631

«Suw — ýaşaýyş» diýen iki sany söz bilen häsiýetlendirilen suw Ýer ýüzüniň, takmynan, 71 göterimini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Suw ynsan saglygy üçin bahasyna ýetip bolmajak tebigy gymmatlyk, baýlyk hasaplanýar. Çünki ol adama zerur bolan mineral duzlaryňdyr mikroelementleriň esasy çeşmesini özünde saklap, bedendäki maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar we iýmitiň has gowy siňmegine ýardam edýär.

Häzirki günlerde-de adamlaryň teşneligi gandyryjy içgilere bolan islegi barha artmak bilen. Ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary köp ýyllardan bäri ýokary hilli içgileri öndürýärler. Bu ugurdaky işlere «Dury çeşme» hususy kärhanasy hem öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. «Dury ýaşaýşyň gözbaşy» diýen şygar bilen müşderilere ýetirilýän gazlandyrylan alkogolsyz we arassa agyz suw içgileri ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän şeýle önümleriň ornuny tutýandygy aýratyn ähmiýete eýedir. Kärhana Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşip, onda iki sany önümçilik sehi hereket edýär. Ilatyň isleglerini öwrenip, önümçiligini batly depginde alyp barýan kärhanada häzirki wagtda 30-dan gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar