Gadymy şäheriň ýaňy

6 Sentýabr 2024
609

Dünýäniň iň irki medeni ojaklarynyň biri hökmünde ykrar edilen hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna degişli köp sanly tapyndylar ýüze çykarylan gadymy Änew şäheri taryhçylarda uly gyzyklanma döredýär. Ol orta asyrlaryň gülläp ösen döwründe üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýer hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda bu mekanyň şöhratly taryhyndan örän täsirli söz açyp, gymmatly maglumatlary bir kökene düzmek bilen: «Türkmen halkynyň gadymy ata-babalary tarapyndan döredilen Änew medeniýeti müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesillerden-nesillere geçirilip gelnipdir» diýip nygtaýar.

Türkmen topragynda eneolit zamanynyň oturymly ekerançylyk medeniýetiniň merkezi bolan Änew medeniýetinde ýaşaýyş b.e.öňki V müňýyllygyň ahyryndan — b.e.öňki III müňýyllyga çenli döwür aralygynda dowam edýär. Taryhy çeşmelere salgylansak, Änew medeniýetiniň gülläp ösen döwri b.e.öňki IV müňýyllyk bilen senelenýär.

Sülgün BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar