Şirwan perdeleriň owazy geldi

5 Sentýabr 2024
477

Sungata, aýdym-saza sarpasy belent halkymyzda «Bagşyly il — bagtly il», «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen kelam bar. Aýdym-saz parahatçylygy wasp edýär, bagtyýarlygy dünýä ýaýýar. Ynsan kalbynyň inçe duýgularynda ýaşaýan hoş owazlar geçmiş taryhymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar geljegimiziň waspydyr. Pederlerimiz sazyň güýji bilen parahat durmuşyň, asuda ýaşaýşyň, agzybirligiň kemal tapýan nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinde aýdym-saz sungatynyň ynsan kalbyna ruhy gözelligi bagyş edýändigi aýdyň beýanyny tapýar. Ruhy gözel, göwni hoş, ýüregi päkize ynsanlar ýagşylyklaryň ýarany, sogaply işleriň hemrasy hasaplanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň ruhy hazynasynyň mertebelenmesidir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaňlanan aýdym-sazyň jadylaýjy güýji ýüreklere ýol saldy. Dutarçy bagşy-sazandalar gazma dutaryň şabram şelpelerinden çykýan ajaýyp mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan şirin owazlarda halkymyzyň taryhy ýoly giň beýanyny tapdy. Taryhda mynasyp yz goýan ussat bagşy-sazandalaryň inçe duýgulary, ýürek urgulary siňen «Ybraýym şadilli», «Gyrmyzy», «Burnaşak» ýaly nusgawy sazlar ýaňlananda tomaşaçylar halk hazynasynyň mukamlar dünýäsinden serpaýlandylar.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar