Sagdyn durmuş — abadan ýaşaýyş

5 Sentýabr 2024
457

Häzirki döwürde ösüşleriň we öňegidişlikleriň binýadyny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň aýratyn ähmiýetli orny bar. Onuň döwletli mejlislerinde öňe sürülýän başlangyçlardyr kabul edilýän çözgütler, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň durnukly ösüşini, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ilatyň abadan durmuşy bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky köpugurly tagallalar bilen aýrylmaz baglydyr.

Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilip, ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde möhüm ädimler ädilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň abraýly önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahanalar we saglyk merkezleri açylyp, hyzmatlaryň hili has-da ýokarlandyrylýar. Munuň özi jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyna berilýän aýratyn ünsüň aýdyň güwäsidir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dürli görnüşli lukmançylyk enjamlarynyň yzygiderli satyn alynmagy, ýüzlerçe çaga çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli geçirilmegi il-halkymyzda çuňňur kanagatlanma döredýär.

Kakajan ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar