Eziz Diýarymyzda — güýz! Munuň özi pasyllaryň çalşygynyň hem başlanýandygyny alamatlandyrýar. Pasyllaryň çalyşmagy netijesinde möwsümleýin, ýokanç keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. Şol sebäpli saglygymyzy goramak bilen bagly birnäçe kadalary ýerine ýetirmek zerurlygy ýüze çykýar.
Dogry iýmitlenmek adamyň saglygyny berkidip, onuň ömrüni uzaldýar. Ýokumlara, mikroelementlere baý gök önümleri köpräk kabul etmek saglyga haýyrlydyr. Güýzde aterosklerozda we ýürek-damar kesellerinde peýdaly gawunyň, böwrek kesellerinde nepli garpyzyň bol hasyly ýetişýär. Olary ýeterlik möçberde kabul etmek maslahat berilýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içmek peýdalydyr. Çünki olar bedeniň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar.