Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») XIII halkara aýdym-saz festiwalynda Türkmenistanyň sungat ussatlary üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna we bäsleşigi guraýjylaryň pul baýragyna mynasyp boldular. Dünýäniň 80-e golaý ýurdundan 400 töweregi artistiň gatnaşmagynda geçirilen halkara festiwalda ildeşlerimiziň gazanan üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp toý sowgady boldy.
Halkara aýdym-saz festiwalyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Annamyradow we Döwlet Daňatarow, şeýle hem şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy gatnaşdy. Sungat ussatlarymyzyň joşgunly çykyşlary festiwala gatnaşyjylara ýakymly täsirleri bagyşlap, festiwalyň abraýly birinji ornuna, şeýle hem guramaçylaryň pul baýragyna mynasyp boldy.