Sport habarlary

3 Sentýabr 2024
485

Ýaş türgeniň üstünligi

Golaýda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda sportuň uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen çempionat gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, ezber türgenleriň ençemesini ýüze çykardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzy dabaralandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guralan çempionatda Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni, etrapdaky 58-nji orta mekdebiň okuwçysy Şanepes Araznepesow 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Beýleki habarlar