Watanymyzda sportuň sazlaşykly ösüşini gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde onuň gyşky görnüşlerine hem uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şu ugry ösdürmek boýunça emele getirilen binýadyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kemsiz üsti ýetirilip, türkmen türgenleriniň ýaşyl Tugumyzyň astynda halkara arenasyna çykmagy üçin zerur şert-mümkinçilikler döredilýär. Bu hakykat sportuň kýorling görnüşi boýunça milli mekdebimiziň gysga döwrüň dowamynda toplan tejribesinde hem-de aýgytly gadamlarynda aýdyň beýanyny tapýar.
Sportuň ýaş görnüşidigine garamazdan, türkmen ýygyndysynyň iň uly ýaryşlaryň degişli diwizionyna çagyrylyp başlanmagy biziň toparymyzyň mümkinçiliklerine berlen ýokary bahadan nyşandyr. 16 – 24-nji awgust aralygynda Norwegiýanyň Lillehammer şäherinde geçirilen kýorling boýunça halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň netijesi boýunça Bütindünýä kýorling federasiýasynyň ýolbaşçysyndan gelip gowşan hatda türkmen türgenleriniň bu çärä işjeň gatnaşygy, maksadaokgunlylygy hem-de başarjaňlygy tassyklanylýar. Türkmenistanyň Kýorling federasiýasyna ýollanan hatda türkmen topary şu ýylyň dekabrynda ýetginjek gyzlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň «B» diwizionyna gatnaşmaga çagyrylýar. Munuň özi türkmen ýaşlary üçin uly mümkinçilikdir. Çünki bu ýaryşda öňdäki bäşlige girmegi başaran ýygyndylar çempionatyň «A» diwizionynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Türkmenistanyň Kýorling federasiýasynyň ýolbaşçysy Begmyrat Jepbarowyň türkmen ýygyndysynyň şeýle hukuga eýe bolmak mümkinçiliginiň bardygyny bellemegi bolsa bizde täze netijelere uly ynam döredýär. Ýeri gelende bellesek, çempionatyň iň ýokary diwiziony derejesi boýunça gyşky Olimpiýa oýunlaryndan soňky ýaryş hasaplanylýar. Lillehammerde geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna Türkmenistanyň dört ýaş kýorlingçini özünde jemleýän (iki oglan we iki gyz) topary wekilçilik etdi. Ähmiýetli türgenleşik çäresine paýtagtymyzdaky 134-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Emine Nurmuhammedowa (türkmen toparynyň kapitany), Aýşa Geldimyradowa (42-nji orta mekdep), Daňatar Muhamow (140-njy orta mekdep) hem-de Selim Baýramow (42-nji orta mekdep) dagy gatnaşdy.