Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Netijede, geçen möwsümde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bolan «Arkadag» topary bu bäsleşigiň «B» toparçasynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy.
Türkmenistanyň çempionynyň toparçadaky garşydaşlary Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary bolar. «Al-Arabi» geçen möwsümde Kuweýtiň Premýer ligasynda ikinji orny eýeläp, yklymyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy. «Maziýa» bilen «Abdyş-Ata» toparlary bolsa öz ýurtlarynyň çempionlarydyr.