Sport we sanlylaşdyrmak häzirki zaman dünýäsinde aýrylmaz baglanyşykly ugurlardyr. Tehnologiýanyň çalt ösmegi netijesinde sport diňe bir tomaşaçylar üçin has elýeterli we tolgundyryjy häsiýete eýe bolman, eýsem, türgenleriň durmuşyna hem öz oňyn täsirini ýetirdi. Bu gün sanlylaşdyrmak sportuň ähli ugurlaryna giňden aralaşýar.
Sportda sanlylaşdyrmagyň esasy taraplarynyň biri maglumatlary we seljermäni ulanmakdyr. Häzirki zaman sport toparlary we türgenler netijeleri seljermek, okuw proseslerini gowulandyrmak üçin maglumatlary işjeň ulanýarlar. Gözegçilik tehnologiýalary türgenleriň fiziki ýagdaýyny, türgenleşikdäki we ýaryşdaky çykyşlaryny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa okuw prosesiniň hilini ýokarlandyrmaga we şikesleriň öňüni almaga kömek edýär.