Dünýä alymlary tarapyndan geçirilen barlaglara nazar aýlasaň, ynsana gerek ähli melhemleriň tebigatyň özünde bardygyna göz ýetirmek bolýar. Esasy zat — ol melhemleri saýgarmagy, saýlamagy, peýdalanmagy başarmaly. Hatda ýerini bilip ulansak, jöwzaly tomsuň yssysyndan-da bedenimiz üçin melhem alyp bileris. Alymlar yssy howany ýöne ýere «howply melhem» diýip häsiýetlendirmeýärler.
Ynsan bedeniniň uly bölegini suw düzýär. Yssyda derlenilmegi sebäpli bedeniň suwy azalýar we adamyň ysgyny gaçýar. Ysgynsyzlyk bolsa bedeniň ejizländiginiň, immun goraglylygynyň pese gaçandygynyň alamatydyr. Şonuň üçinem yssyda Günden goranmak bilen birlikde suwy köp içmeli. Suw dere öwrülip çykmak bilen, bedeniň sowamagyny-da üpjün edýär.