Dürli süýt önümlerini gündelik iýmitiňde dogry peýdalanmagy başarmak ynsan saglygynyň girewidir. Şeýle peýdaly süýt önümleriniň biri-de mesge ýagydyr.
Mesge ýagynyň düzüminde adam bedeniniň fiziologik aýratynlyklaryna görä gündelik kabul edilmeli witaminler, mineral maddalar, mal ýaglary, beloklar bar. Olar adam bedeniniň madda çalşygyny kadalaşdyryp, reproduktiw, nerw we ýürek-damar ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär hem-de esasy energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär.