Türkmenistanda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Bu döwlet syýasaty milletiň saglygynyň berkidilmegine, düýpli özgertmeler ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň geljegi bolan berk bedenli, ruhy taýdan kämil ýaş nesliň terbiýelenmegine gönükdirilendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrundaky taýsyz tagallalarynyň esasynda, ilaty, şol sanda ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni höweslendirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Muňa yzygiderli geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri aýdyň şaýatlyk edýär.