Suratkeş bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

26 Awgust 2024
513

Surat çekmek bilen kiçiligimden meşgullanyp başladym. Kitaplardaky, döwürleýin neşirlerdäki çagalara hödürlenýän ýönekeýje suratlary reňklemekden lezzet alýardym. Soňra özbaşdak kompozisiýalary döretmäge synanyşyp ugradym. Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölümini okanymdan soň suratkeşlik tejribäm has hem artdy.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara bäsleşiklere gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ähli şertler bar. Men hem öz çekýän suratlarym bilen döwlet we halkara derejelerindäki dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Şolardan käbirini ýatlap geçsem, 2022-nji ýylda Belarus Respublikasynda geçirilen «Дружат дети на планете» atly Açyk halkara çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşyp, III derejeli diplom bilen sylaglandym. Soňra bolsa şol ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen «Dostlugyň şäheri» atly bäsleşige gatnaşyp, I orna, ýörite diploma we medala mynasyp boldum. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Reňklere siňen gözellik» atly bäsleşikde grafika ugry boýunça I orna mynasyp bolmak miýesser etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagym meni täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Mähri HEMRAÝEWA,
Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
Beýleki habarlar