Geljegiň binýady şu günden tutulýar

26 Awgust 2024
501

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmagy, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmen zerurlygyny nazara alyp, şu ýyl ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy boýunça okadylyp başlandy.

Ýazga geçiren Resul NURGELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar