Ak mekdepler gujak açyp garaşýar

26 Awgust 2024
518

Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýaş nesillerimiz üçin iň bagtly pursatlaryň biri bolan täze okuw ýylyny guramaçylykly garşy almaga taýýarlyk görülýär. Bilim ojaklarynyň ählisinde ýeňil abatlaýyş, aglabasynda hem düýpli abatlaýyş işleri göwnejaý geçirildi. Sebitiň orta mekdeplerinde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda ýaş nesle halkara ölçeglere laýyk derejede bilim bermegiň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýurdumyzy bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda welaýatyň bilim ulgamynda döwrebap bilimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlara hünär öwretmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwrüň öňe süren talaplaryna laýyklykda, demirgazyk welaýatyň çägindäki jemi 531 mekdebiň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Welaýatda dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 31-si bolup, olarda ýaş nesillere iňlis, fransuz, nemes, arap, hytaý, ýapon, pars, italýan dilleri hem-de tebigy we takyk ugurly dersler boýunça ýörite maksatnamalaýyn bilim berilýär.

Atabaý MÄTNIÝAZOW,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar