«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerini ösdürmek ugrundaky giň gerimli işler ussat türgenleriň sanynyň günsaýyn artmagyna getirýär. Hatda ýurdumyzyň iň çetki etraplaryndadyr obalarynda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän sport mekdepleriniň, sport toplumlarynyň we stadionlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ussat türgenleriň hem sanynyň gün-günden artmagyna getirdi. Biziň etrabymyzda-da özleri hakynda edilýän aladalara ýokary ýeňişleri, sport üstünlikleri bilen jogap berýän ýaşlaryň birnäçesi halypalaryň elinde tälim alyp, öz ussatlyklaryny barha artdyrýarlar. Şeýle ýaşlarymyzyň biri-de Halaç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Annamyrat Derýakulyýewdir.