Maşgala — jemgyýetiň binýady

23 Awgust 2024
616

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işler alnyp barylýar. Şol işler bolsa, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundanam has-da ýokarlandyrmak boýunça kanunçylyk namalary kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar.

Ogulşat DURDYMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar