Mugallymlar möwsümden öň

22 Awgust 2024
450

12 — 17-nji awgusty aralygynda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda bir hepdelik usuly-amaly okuwlar geçirildi. Okuwyň esasy maksady — tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak we okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän nusgalaryny bilim işine ornaşdyrmak.

Okuwçylaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan bilim maksatnamalary esasynda çagalaryň dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek, olaryň medeni-estetik garaýyşlarynyň kemala getirilmegi, döredijilik ukyplaryny, tebigy, ylmy, tehniki bilimlerini, bedenterbiýä we sporta bolan höwesini ösdürmek ýaly meseleler mugallymlaryň üns merkezinde bolup, olar barada ara alyp maslahatlaşyldy.

Bägül AMANMYRADOWA,
Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.
Beýleki habarlar