Ýaşlar — röwşen geljegimiz

21 Awgust 2024
439

Ajaýyp zamanamyzda ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ulgamlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär. Ulgama sanly serişeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşyrylmagy onuň ösüşiniň döwrebap hem toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.

Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi ösüp gelýän ýaş nesliň bilimine, zehinine köp derejede bagly bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlara bilim berlişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, halkara ölçeglere laýyk getirilmegine uly üns berilýär. Ýaş oglan-gyzlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşirip bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bilimiň mazmunyny baýlaşyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşi çaltlandyrylýar. Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşyrmagyň gerimi giňeldilýär. Bu bolsa ýaş nesle dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýollary açýar.

Gülnabat HALYMOWA,
Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar