Taýýarlykly barylýar

21 Awgust 2024
595

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen çuň manyly sözleri bilim işgärlerini has-da döredijilikli işläp, döwrümize mynasyp, kämil bilimli nesli kemala getirmäge ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan Kaka etrabynyň bilim işgärleri täze 2024-2025-nji okuw ýylyna ýokary taýýarlyklar bilen barýarlar.

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlaryna we etrap maslahatyna işjeňlikde gatnaşan etrabymyzyň mekdep mugallymlary şu günler Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere ykjam taýýarlanýarlar. Täze okuw ýylynda birinji synpa gadam basjak 6 ýaşly çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan okuw kompýuterleriniň sowgat beriljekdigi has-da guwandyrýar. Bu mynasybetli geçiriljek dabaralara etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem uly ruhubelentlikde gatnaşar.

Mähri ALIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar