Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň şan-şöhraty, meşhurlygy barha artýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň ýyndam bedewlere bolan garaýşy, ahalteke atlaryna goýýan sarpasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze taryhy döwrümizde gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny ahalteke bedewiniň şekiliniň bezemegi halkymyzyň gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpanyň dabaralanmasydyr. Bu gün ahalteke atlarynyň iň naýbaşy ugurlarynyň birine degişli bolan Akhan atly bedew Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alýar. Bu meşhur bedew 2018-nji ýylda çarpaýa galyp, yzky aýaklarynda 10 metr aralygy ýöremek boýunça agzalan rekordlar kitabyna giripdi. Paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.