«Şatlyk» şypahanasy nebitgazçylaryň hyzmatynda

12 Awgust 2024
448

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary arkaly döwletimiziň şypahanalarynyň durkunyň düýpli täzelenilip, döwrebaplaşdyrylmagy, olarda täze bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy halkymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu ugurda ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli şypahanalaryň hem hyzmatynyň uludygyny aýtmak gerek.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasyna degişli «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasy hem şolaryň biri. Şypahananyň saglygy goraýyş işgärleri ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine indi kyrk ýyldan-da köpräk wagt bäri ýokary medeniýetli hyzmat edip gelýärler. Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän bu sagaldyş merkezi bäş gektara golaý meýdany tutýar. Şypahananyň bütin çägi dürli saýaly, miweli baglar, üzümçilik, güller bilen gurşalan.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar