Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de çuňňur oýlanyşykly syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ýokary depginler bilen ösdürilýär. Täze saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň, derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň işe girizilmegi, dünýä lukmançylyk ylmynda hem-de tejribesinde gazanylan iň kämil usullaryň özleşdirilmegi we baýlaşdyrylmagy bilen, ulgamyň mäkäm binýady döredildi.
Häzir Türkmenistanda çilimkeşlik ýaly ýaramaz endiklere garşy göreşi güýçlendirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 2011-nji ýylda ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň temmäkä garşy göreş baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň möhüm guralyna öwrülen, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary uly ähmiýete eýedir.