7-nji awgustda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly maslahat geçirildi.
Ýurdumyzyň ussat senetçileriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda etnograf-alym J.Gurbanowa «Senetçiligiň milli we dünýä tejribesi», ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referenti J.Rematullaýewa «Türkmenistan — ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň çäklerinde milli senetçiligiň ösdürilişi» ýaly temalar boýunça çykyş edip, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar barada aýratyn durup geçdiler. G.Babakulowa «Türkmeniň milli lybasy — ene-mamalarymyzyň gymmatly mirasy», A.Köşiliýewa «Ýüplerden döreýän sungat», A.Patarowa «Çeper keçe önümlerini taýýarlamagyň gadymy däpleri we döwrebap usullary», A.Medwedýew «Deri önümleriniň tehnologiýasynyň döreýiş taryhy we gadymy nusgalary», G.Mätkerimow «Tut agajyndan kagyz öndürmek tehnologiýasynyň dikeldilmegi» ýaly temalar boýunça çykyş etdiler we özleriniň alyp barýan işleri bilen wideoşekiller arkaly tanyşdyrdylar.