Zenan kalbynyň sungaty

8 Awgust 2024
544

Halkymyz asyrlarboýy özüniň milli gymmatlyklaryny gorap we ösdürip gelen halkdyr. Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda esasy orun eýeleýän maddy däl medeni mirasyň öwrenilmegine, aýalyp saklanylmagyna, wagyz edilmegine we dünýä ýaýylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwletimizde türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi hem bu ugra gönükdirilen asylly işleriň berk hukuk binýadyny üpjün edýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň durmuşa geçirilmegine we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bu Kanunyň  ýerli, umumydöwlet we halkara derejelerinde milli maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklarynyň ykrar edilmegini üpjün etmek esasy maksatlarynyň biridir.

Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar